BILIM

Türkmenabadyň mekdep okuwçylary iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşdiler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, orta mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşik yglan etdiler.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde şu bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» diýen mowzukda geçirilen bäşleşige orta mekdepleriň 9 — 11-nji synp okuwçylary gatnaşyp, öz döredijilik ukybyny ýüze çykardylar. Netijede şäherdäki ýöriteleşdirilen 39-njy, 2-nji, 29-njy we 24-nji orta mekdepleriň wekilleri öňdeligi eýelediler. Olar indiki aýda geçiriljek bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu bäsleşik welaýatyň beýleki etrapdyr şäherlerinde-de guramaçylykly geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: