Angliýanyň Premýer ligasynda «Çelsiniň» «Mançester Sitini» 2:1 hasabynda utmagy bilen, möwsümiň çempiony hem belli boldy. Bu netije bilen «Liwerpul» 30 ýyl aralykdan soňra Angliýanyň çempiony diýlip yglan edildi. «Gyrmyzylar» iň soňky çempionlygyny Angliýanyň çempionaty heniz «Premýer liga» diýlip atlandyrylmanka ― 1990-njy ýylda gazanypdylar.

Şeýlelikde, Liwerpul şäheriniň adybir topary taryhynda 19-njy gezek Angliýanyň çempiony boldy. Ýurgen Kloppyň topary çempionlyklaryň sany boýunça diňe «Mançester Ýunaýtedden» yzda. «Gyrmyzy şeýtanlar» henize çenli 20 gezek çempion bolupdylar.

Ýeri gelende, 2015-nji ýylda Ýurgen Klopp baş tälimçilige getirilenden soňra «Liwerpul» 4 kubok gazandy. Olar geçen möwsümdäki UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogy, UEFA-nyň Superkubogy, klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty ― 2019-yň kubogy we şu ýylky çempionlykdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: