DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Saturnyň halkasy haçan ýok bolar?

Bu ýerde gürrüň şol täsin halkanyň wagtlaýynça gözden ýitjekdigi hakynda barýar. NASA-nyň alymlary Saturnyň halkasyny synlamak üçin ýene-de bary-ýogy 18 aýyň galandygyny aýdýarlar. 

Olaryň bellemeklerine görä, bu saýýaranyň halkasy 70 — 140 müň kilometrlere uzalyp gidýän hem bolsa, onuň galyňlygy 10 metrden geçmeýär. Saturnyň orbitasy bolsa Güne görä biraz üýtgäp durýar. Şonda onuň täsin halkasyny Ýerden synlap bolmaýar. Bu hadysa 2025-nji ýylda Saturn Ýere golaýlaşanda bolup geçer. 

Haçan-da Saturnyň gyşarmasy üýtgände, halka ýene-de Ýerden görner. Astronomlar buzdan, daş böleklerinden we tozandan ybarat bolan halkanyň mundan 400 million ýyl ozal dörändigini çaklaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: