DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Göwreli zenanlary mugt naharlaýarlar

Kraguewasda (Serbiýa) ýakynda açylan «Makedonlynyň ýanynda» («Kod Makedonca») atly çörekhanada göwreli zenanlary mugt naharlamagyň kararynda geldiler. Bu barada «ruserbia.com» saýty ýazýar.

Çörekhanany ýakynda Makedoniýadan gelen iki çaganyň kakasy Slaolýub Totiç açdy. Onuň aýtmagyna görä, çörek bişirijileriň dördünji nesli hökmünde ol maşgala däbini dowam etdirýär.

Makedon dabine görä, täze işe başlan wagtyň sowgat bermeli, diýip Totiç düşündirýär. Şonuň üçin hem, ol göwreli zenanlara önümini hödür etmegi ýüregine düwüpdir. Onuň pikiriçe, çörekhananyň önümi geljekki eneler we olaryň çagalary üçin peýdaly bolmaly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: