DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Jeýms Bondda gördi we döretdi

Her kimiň howpsuz dynç alyş arzuwlaýan günlerinde fransiýaly gämi inženeri Žan Mişel Duansel «Anzeni» atly ýüzýän myhmanhanany işläp düzdi.
Jeýms Bond bilen bagly wakalar hakynda gürrüň berýän, 1977-nji ýylda surata düşürilen «Meni söýen içaly» atly filmden ylham alnyp döredilen ýüzýän myhmanhana Gün energiýasy bilen işleýär. Onuň içki dizaýny meşhur «Pierre Cardin» kompaniýasyna degişli.
Ýüzýän myhmanhana üç bölümden ybarat. Ýerzemin gatynda oturylýan ýerler we minibar bar. Ol iki adam niýetlenendir. Ýokarky gatlarda bolsa 12 adam dynnç alyp bilýär.
Deňizde haýal hereket edýän myhmanhana her dürli ýagdaýlara durnukly edilip işlenildi. Onuň batmak ýa-da gark bolmak töwekgelçiligi juda pes.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply