2024-nji ýylyň ‘’Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy’’ ýyly diýlip atlandyrylmagy kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna goşmak hakyndaky teklibe dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň goşulanlygy aýratyn bellärliklidir. Üstümizdäki ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň ‘’Dünýäniň hakydasy’’ maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi.
Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň, Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bir günde baýram edilmeginiň özboluşly aýratynlygy bar. Çünki şahyryň şygyrlary indi üç asyra golaý wagt bäri aýdyma bolup, dilleriň senasyna öwrülip gelýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde türkmen bagşylarynyň hyzmaty uludyr.
Şahyryň goşgulary türkmen diliniň sözlük gorunyň baýlaşmagyna öz täsirini ýetirip gelýär. Milli aýdym-saz sungatymyza degişli sözler şahyryň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär.
Akyldar şahyr:
‘’Magtymguly, sözlerim
Saza goşsaň, uz ‘’ – diýmek bilen öz şygyrlarynyň aýdyma laýykdygyny, saz bilen söz ýerine düşende ajaýyp aýdymlaryň döreýändigini, goşgy saza goşulanda adamyň ýüregine has gowy täsir edýändigini belläp geçipdir. Ol meşhur sazanda bolmasa-da, halkymyzyň saz sungatynyň inçe syrlaryndan habarly bolupdyr.
manysyny aňladýar. Şahyr öz şygyrlarynda aýdym-sazyň adamlaryň göwünlerini galkyndyrýandygyny, onuň ýerini hiç zadyň tutup bilmejekdigini nygtaýar.
Golaýda biziň bilim ojagymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ‘’Şygyrlary aýdyma öwrülen şahyr’’ diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda ýaşajyk bagşylar akyldar şahyryň sözlerine düzülen aýdymlary we şahyryň goşgularyny labyzly ýerine ýetirdiler.
Bu ýerde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň adamzadyň beýik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň hatyrasyna durmuşa geçirýän işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
‘’Magtymguly – akyldar şahyr’’ atly kitap sergisinde şahyryň goşgular ýygyndylaryna we döredijiligine bagyşlanan ylmy edebiýatlara aýratyn orun berildi.
Mahym Karaşowa,
Saýat etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň kitaphanaçysy.