JEMGYÝET

Sanly tehnologiýa girdejini artdyrar

Ispaniýanyň Oba hojalygy, balykçylyk we azyk ministrliginiň habaryna görä, ýurduň maldarçylyk pudagy 2020-nji ýylda 20,2 milliard ýewro girdeji gazandy. Kataloniýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň pikiriçe, emeli intellektiň we pudaga has ösen dolandyryş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen bu girdejini has-da artdyrmak mümkin.

Munuň üçin emeli intellektiň ulanylmagy, gözegçilik üçin akylly datçikler bilen bilelikde gaýtadan işlemek ýaly usullar ornaşdyrylar. Bu çäreler maldarçylyk hojalyklarynyň girdejisini ýokarlandyrar.

«Insylo Technologies» diýlip atlandyrylýan taslama arkaly maldarçylyk hojalyklarynda iýmitiň tygşytly, şol bir wagtyň özünde-de netijeli paýlanylmagy üçin ýöriteleşdirilen datçikleri ýerleşdirmegi maksat edinýär. Olar kesgitlenen maksada görä işlemäge mümkinçilik berýän algoritmler bilen üpjün edildi.

Ispaniýanyň Žirona sebitinde, Şwesiýanyň Gotland adasynda we Uelsde geçirilen synaglar täze taslamanyň netijeli boljakdygyny görkezýär. Şeýle hem synaglarda maldarçylykda sanly gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmagyň artykmaçlyklary ýüze çykaryldy.

Muňa garamazdan, taslama gatnaşyjylar oba hojalygynda aşa konserwatiwlik meselesine-de ünsi çekdiler, şonuň üçin ykdysadyýetiň bu pudagyna täze tehnologiýalar haýal girizilýär.

Merjen Mergenowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: