JEMGYÝET

Türkmenistanyň DIM-inde daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmäge bagyşlanan brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň we ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň öňüni almak boýunça daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmäge bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Brifingde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda adamlaryň ömrüniň we saglygynyň goraglylygy hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyny we bu ugurda döwletimiziň ähli tagallalary durmuşa geçirýändigini belledi. Bu ugurda biziň ýurdumyzyň geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň has ösdürilmegine we berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary aýratyn mana eýe bolup durýandyr. 

Şeýle-de brifingde Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurdaky ysnyşykly hyzmatdaşlygyna we koronawirus we beýleki aýratyn howply ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak meselelerinde lukmançylyk bileleşikleriň arasynda yzygiderli tejribe alyşmagyna aýratyn üns çekildi.

Ministr diplomatlaryň ünsüni COVID-19 ýokanç keseliniň öňüni almak çäreleri boýunça netijeli işleriň dowam edilmeginiň zerurlygyna çekdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: