BIZE YAZYARLAR

Keşpli oýunlaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti

Bu günki günde alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamynda örän uly işler alynyp barylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilen her bir billim ojagynda çagalaryň dünýewi bilim terbiýe almagy üçin örän uly mümkinçilikler döredilen.

Hiç bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez.  Öz  perzendiniň  geljegi  hakda  aladalanmak  ynsana  mahus  häsiýetleriň  biridir.  «Türkmenistany  bagtly  çagalaryň  iň  arzyly islegleriniň hasyl bolan ýurdy diýip atlandyrmak bolar» diýip, hormatly Arkadagymyz nygtaýar. Biz üçin döredilen şeýle mümkinçiliklere esaslanyp her bir bilim işgärleri hem çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin elimizden gelenini etmelidiris.

Çaga psihologiýasyna esaslananymyzda adatça çagalar okuw prosesine hemde sosial sredasynyň üýtgemegine öwrenişmekde kynçylyk çekýärler. Şol sebäpli hem mugallym mydama çagalaryň üstünde okuw prosesini we çagalaryň gyzyklanmalaryny we sapaga bolan höwesini artdyrmak üçin täze täze pedagogik usullaryň gözleginde bolmalydyr. Şu ýerde bolsa köne akyldarlarymyzyň aýdan gepi ýadyma düşýär «Her bir artist mugallym bolmaly diýen ýeri ýokdur, ýöne her bir mugallym hökmany suratda artist bolmalydyr». Şu nukdaýnazardan hem çaga terbiýesinde teatr we keşpli oýunlarynyň ähmiýeti örän ulydyr. 

K.D.Uşinskiý şeýle belleýär: «Nähili kämilleşdirilen bolsa bolsun, okuw kitaplary, gollanmalary hat-da ustawlar – olar mugallymyň janly sözleriniň deregini tutup bilmezler».  Elbetde K.D.Uşinskiýiniň belleýşi ýaly, hiç bir görkezme esbap hiç bir tehniki serişde mugallymyň janly sözleri ýaly däldir. Şol sebäpli hem mugallym artist bolmalydyr. Oňa şeýle mysalda düşünip bileris, ýagny sapak başlanda, adatça, mugallym guramaçylyk döwrüni geçirip, öý işini soramak döwrüne geçýär. Sapak şol bir usul boýunça dowam edýär. Her näçe suratlardyr tablissalar ulanylsa-da, çaganyň ünsüniň gowşakdygy sebäpli, çaga tiz ýadaýar. Emma mundan tapawutlylykda, mugallym sapaga girenden soňra guramaçylyk döwrüniň çäginde gysga wagtda haýsam bolsa bir şorta söz aýdyp, okuwçylary güldürmegi ýa-da gysga keşpli sahnalary ýerine ýetirmegi okuwçylaryň ünsüni mugallyma berkidýär. Sahnalaryň, şorta sözleriň soňundan «Sapagyň ahyrynda ýene dowam ederis» diýmegi okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Sapagyň soňunda bolsa gysga sahnalary günde 2 okuwça ýerine ýetirdirtmeli.

Şeýlelikde çagalaryň okuw işi oýun bilen utgaşdyrylýar. Çaga sapaga höwes bilen gatnaýar. Sahnalary ýerine ýetirýän wagty olaryň hereket endikleri, sözleýşi, pikirlenişi we döredijili artdyrylýar. Sapagyň gurnalyş döwründen bolsa bary ýogy 4-5 minut sarp edilýär. Elbetde sapagyň gurnalyş döwrüne laýyklykda wagty dogry peýdalanmak has möhümdir. Şol sebäpli okuwdan daşary, çagalaryň boş wagtlary, çagalary keşpli oýunlar bilen meşgulanmagyna itergi bermek pedagogik nukdaýnazardan örän ähmiýetlidir. Çagalaryň okuwa bolan höwesini artdyrmak üçin çagalar bilen dürli okuwdan daşary oýunlary gurnadyk. Dana okuw merkezinde öwrenilýän dünýä dilleri bilen baglanyşykly daşary ýurt edebiýatlaryna salgylanyp gurnalan keşpli oýunlaryň soňundan çagalaryň öňki we häzirki ýagdaýda okuw işine bolan höwesini we ukyplaryny deňeşdirme analizini geçirdik. Netijede çagalarň okuwa bolan höwesiniň öňkiden artandygy ýüze çykaryldy. Bu pikire çagalaryň ene-atalary hem goşulýarlar. Hossarlarynyň bellemegine görä keşpli oýunlar geçirilenden soňra çagalarda okuwa gyssanma, okuw işlerini üns bilen ýerine ýetirmek ýaly häsiýetler kemala gelip başlady.  Çagalaryň keşpli oýunlarda okuwa bolan höwesiniň artýandygy dürli ylmy işleriň ylmy we pedagogik tejribeleriň üsti bilen doly tassyklandy.

Serdar Nurmuhammedow,

 Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: