BIZE YAZYARLAR

Ak bugdaý — bereket bulagy

Ak bugdaýyň mekany bolan eziz Watanymyzyň agzybir halky bugdaýy, bugdaýdan öndürilýän önümleri maňlaýyna sylyp, esasy mukaddeslikleriň hatarynda goýýar. Ak bugdaýyň unundan taýýarlanýan pişmedir gatlamalar, çelpekler milli toýlarymyzda desserhanlarymyzyň datly nygmatlarydyr.

Agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary esasynda nesilden-nesle geçen bu süýjülik önümleri häzirki döwürde-de bäbek, galpak, sünnet, täze jaý, ýaş juwanlaryň durmuş, ýaşulularyň ak goýun toýlarynyň-da esasy nygmatlarynyň biridir. Uzak ýola gidilende, ýanyňa ýoldaş diýlip mele-myssyk çöregiň alynmagy-da, biziň şu günlerimize gelip ýeten däpleriň biridir.

Hawa, ak bugdaýyň we ondan öndürilýän önümleriň biziň däp-dessurlarymyz bilen ýakyn arabaglanyşygy hakynda aýdara-diýere zat kän. Goý, mele toprakdan rysgyny alýan daýhanlarymyzyň bugdaý hasyly egsilmesin! Asmanymyz arassa, ýurdumyz abat, desserhanlarymyz naz-u-nygmata baý bolsun!

Nursoltan HAMRAÝEWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: