YKDYSADYÝET

695 tonna ýüplükden 10 milion manatdan gowrak girdeji alyndy

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen nah ýüplükleriň 695 tonnasy, pul hasabynda bolsa 10 million 101 müň 969 manatlygy eksporta ugradyldy.

Fabrikde şu ýylyň on aýynda nah ýüplükleriň 2 müň 240 tonnasy taýýarlanylyp, 38 million 282 müň 37 manatlyk iş edildi. Bu barada welaýat neşiri habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde sarp edijileriň buýurmalary esasynda nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän dokma fabrikleri 2022-nji ýylda öndüren nah ýüplükleriniň 91 million 565 müň 679 manatdan gowragyny daşary ýurtlara eksport etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: