SPORT WE SYÝAHAT

«Sambony döredijiniň Kubogy» halkara turnirinde türkmenistanly türgenler dokuz medal gazandylar

«Sambony döredijiniň Kubogy» halkara turnirinde Türkmenistanly türgenler 1 altyn? dört kümüş we şonça bürünç medal gazandylar.

Halkara turnirine Türkmenistandan jemi 29 türgen gatnaşdy. Altyn medaly 64 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Dawid Awçýan getirdi.

Muhammet Kössekow (71 kg. çenli agramda), Begenç Baltaýew (79 kg. çenli agramda) we Guwanç Begalyýew (98 kg. çenli agramda) dagylar kümüş medal gazandylar.

Sport sambosynda Angelina Filippowa (59 kg. çenli agramda), Nedir Allaberdiýew (79 kg. çenli agramda), söweş sambosynda Serdar Hojamuhammedow (88 kg. çenli agramda) we Bezirgen Begenjow (98 kg. çenli agramda) bürünç medala mynasyp boldular.

Baş baýragy almak ugrundaky tutluşyklara 13 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: