SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply dzýudoçy Serdar Rahymow Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazandy

 Rimde (Italiýa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen dzýudoçysy  Serdar Rahymow kümüş medal gazandy.

Çempionata 34 ýurtdan 381 türgen gatnaşdy. Türkmenistandan çempion diýen ady almak üçin 16 pälwan (11 erkek, 5 zenan) göreşdi. Serdar Rahymow ikinji orny 66 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde 37 türgen çykyş etdi.

Serdar Rahymow Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby. Ol Hojambaz etrabynda eneden doguldy we şol ýerde hem göreş bilen meşgullanyp başlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: