MEDENIÝET

Gündogaryň beýik akyldarynyň hormatyna

Aşgabat şäherindäki «Ylham» seýilgähinde «Jelaleddin Rumy — Gündogaryň beýik akyldary» diýen at bilen döredijilik çäresi geçirildi.

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda geçirilen bu çärede Gündogaryň taryhynda öz döredijiligi bilen yz goýan şahsyýetleriň biri Jelaleddin Rumynyň ömri we döredijiligi barada çykyşlar guraldy. Şeýle hem, akyldaryň şygyrlarynyň we kyssa eserleriniň öwüt-nesihat häsiýetli bolup durýandygy we Jelaleddin Rumynyň edebi mirasynyň milli aňyýetiň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda Jelaleddin Rumynyň şygyr we kyssa eserlerinden goşgular okaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: