SPORT WE SYÝAHAT

Dana Uaýt indi UFC-niň ýolbaşçysy dälmi?

Dünýäniň iň güýçli MMA ligasynda uly üýtgeşmeleriň bolup geçendigini bilýärsiňiz. Bäş aý ozal UFC mahabatyna eýe bolan «Endeavor» maýa goýum topary WWE göreş ligasyny hem satyn alypdy.

Bu iki birleşen kompaniýa Nýu-Ýork fond biržasynda hödürlendi we şondan bäri Dana Uaýt indi UFC-iň prezidenti däldir. Ol dolandyryş geňeşi tarapyndan mahabatyň baş direktory wezipesine bellendi.

«Geljegimiz üçin tolgunýaryn. Biziň etjek bolýan işlerimize siz haýran galarsyňyz. Iki mahabatyň birleşmeginden soň ýene-de uly güýç gazandyk. Men henizem UFC-daky işe gözegçilik edýärin. Bu barada hiç zat üýtgemedi. UFC täze derejä çykar» diýip, Uaýt Las-Wegasda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Birleşen kompaniýanyň bahasy 21,4 milliard dollar. Bulardan 12,1 milliard dollar UFC-e, galan 9,3 milliard dollar WWE-e degişlidir.