SPORT WE SYÝAHAT

Sambo boýunça Aziýa çempionatynda lebaply pälwanlar 10 medal gazandylar

Liwanyň Juniýa şäherinde sambo boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda türkmenistanly pälwanlar dürli derejeli medallaryň 22-sini gazandylar. Olaryň 10-usy lebaply türgenleriň paýyna düşýär.

Ýaryşyň birinji gününde söweş sambosyndan türkmenabatly Sabina Agajanowa kümüş medala mynasyp boldy. Ikinji gününde bolsa erkekleriň arasynda dänewli Babajan Iwadullaýew altyn medala, üçünji gününde sport sambosyndan faraply Begenç Baltaýew kümüş, köýtendagly Nedir Allaberdiýew bürünç, döwletliden Guwanç Begaliýew altyn medallary gazandylar.

Zenanlaryň arasynda sport sambosyndan türkmenabatly zenanlarymyzyň dördüsi: Dinara Iwadullaýewa ikinji, Madina Aýdogdyýewa, Dinara Hallyýewa bilen Maksuda Egemberdiýewa dagylar üçünji orny eýelediler. Şeýle-de köýtendagly Rano Uzakowa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Sambo boýunça Aziýa çempionaty 2-4-nji iýun aralygynda geçirildi. Oňa 16 ýurtdan 260 türgen gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: