SPORT WE SYÝAHAT

Sapaýew bilen Esgerow bürünç medal eýeledi

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyny türkmenistanly pälwanlaryň ýene ikisi bürünç medal bilen tamamlady. Erkekleriň arasynda 100 kilograma çenli agram derejesinde Ruslan Esgerow bilen 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Sapa Sapaýew bürünç medal bilen tamamlady.

Türkmenistanly türgenleriň ikisi hem ýarymfinal tutluşyklarynda garşydaşlaryndan ýeňildiler.

Aşgabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Ruslan Esgerow Hamed Raşididen, hojambazly telekeçi Sapa Sapaýew bolsa özbegistanly Muhsin Hisomoddinowdan asgyn geldi.

Mundan ozal Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gülşat Annaýewa bürünç medal bilen ýaryşy tamamlady.

Şeýlelikde, ýaryşyň ilkinji gününde türkmen ýygyndysyndan üç türgen bürünç medal gazandy, bäş türgeniň bolsa altyn medal mümkinçiligi bar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň hiç biriniň hem medalsyz galmandygyny görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: