MEDENIÝET

Täze kitap tanyşdyryldy

Welaýat kitaphanasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Arkadag şäheri ― geljegiň şäheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, bilim, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Arkadag şäheriniň gözelliklerini, ekologiýa taýdan arassalygyny, ajaýyplygyny wasp edýän, üç dilde neşir edilen bu täze kitabyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Dabara gatnaşyjylar kitap sergisini synladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: