Lebap welaýatynyň Kerki etraby taryhy ýadygärlikler baý sebitleriň biri. Bu ýerde saklanyp galan binalary, depeleri we beýleki obýektler türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Olaryň biri Hatap obasynyň çäginde ýerleşýän Deşikli depedir. Bu arheologiki ýadygärlik biziň eramyzdan öňki öňki III-I asyrlara we biziň eramyzyň eramyzyň I-II asyrlaryna degişlidir. Ol öz döwründe harby goranyş berkitme, ýagny, gala bolupdyr.

Deşikli depäniň döreýiş taryhy barada ýazmaça çeşmeler saklanyp galmandyr. Ýöne geçirilen ylmy-gözleg işleriniň netijesinde aşagy gatlakdan tapylan keramiki önümleri we tapyndylary öwrenen alymlar bu ýerde kuşan we kuşan-sasanit döwürlerinde ýaşaýşyň  bolandygy ylmy taýdan subut etdiler. Şonuň ýaly-da, ýokarky gatlakdan tapylan keramiki önümleriň we kerpiçleriň ölçeglerinden çen tutup, bu ýerde IV-V asyrlarda hem ýaşaýşyň bolanlygyny anykladylar. Deşikli depäniň häzirki döwürde diňe merkezi erki saklanyp galan.

Deşikli depäni meýdany 130×110 metre, beýikligi hem 4 metre barabardyr we ol gündogardan-günorta uzalyp giden depelikdir. Ýadygärligiň üstünde ölçegleri 110×90 metr barabar. Demirgazyk-gündogar burçunda galadan garym bilen aýlanan 50×50 metr ölçegli erki ýerleşýär. Ondaky diwarlar 5-7 metr uzynlyga çenli saklanypdyr. Erkiniň binýady inedördül çig kerpiçler, şonuň ýaly-da keramiki önümleriň, hat-da bütin abat humlar hem goýlup örülipdir.

Ýadygärligi Kerki oazisiniň taryhyny öwrenmekde uly goşant goşan alym-arheolog W.N.Piliko 1967 we 1974-nji ýyllarda ylmy-barlag işlerini geçiripdir. Ýöne bu iki gezekki gözlegleriň dowamynda ony doly öwrenip ýetişmändir. Ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri doly geçirilmedigem bolsa, ondan tapylan tapyndylar bu ýerde küýzegärçiligiň, senetçiligiň ösendigine şaýatlyk edýär.

Biziň günlerimizde bu ýadygärlige Deşikli depe diýmekliginiň sebäbini onuň diwarlarynda tegelek deşikleriň bardygy bilen düşündirip bolar. Emma onuň hakyky ady baradaky maglumatlary tapmak entek başartmady.

Bu ýadygärlik Kerki etrabynda «Kerki — Başsaka» awtomobil ýolunyň 40-njy kilometrinde günorta tarapynda selleňläp görünýän harabaçylykdyr. Ol Garagum derýasynyň ortasyndaky adada ýerleşýär.

 

Zöhrer Umarowa,

Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: