LUKMANÇYLYK

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi koronowairusa garşy ingalýasiýa görnüşli dermany bellige aldy

Derman koronawirus pnewmoniýasynyň öňüni almak we ony bejermek üçin niýetlenen, diýip «Комсомольская правда» ýazýar.
«Leýtragin» diýlip atlandyrylan täze dermany Russiýanyň Federal lukmançylyk-biologiki agentliginiň (FLBA) alymlary taýýarladylar.
Ilki bilen klinikä çenli barlaglary haýwanlarda geçirler. Munuň üçin syçanlarda respirator distres-sindrom (bu kowid bilen kesellän agyr näsaglarda döreýän howply ýagdaý). Emele getirdiler. 2020-nji ýylyň 15 aprelinden bäri bolsa Leýtragini adamlarda hem synagdan geçirýärler. Oňa orta agyrlykda kowid bilen kesellän 320 adam gatnaşdy. Leýtragin alan adamlaryň aradan çykany, ondan agyr ýagdaýa geçeni bolmady, diýip FLBA habar berýär. Şonda näsaglaryň sagalyp gitmegi sekiz güne çenli gysgaldy. Adaty bejergi alýanlaryň sagalmagy üçin bolsa 14 gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply