LUKMANÇYLYK

Doktor Mýasnikow: kofe käbir keselleriň öňüni almak üçin peýdaly

Lukman we telewideniýäniň alyp baryjysy Aleksandr Mýasnikow «Россия 1» telekanalynyň «Iň esasy hakynda» diýen programmasynda kofeniň nämelerden peýdalydygy barada durup geçdi. Ol bu içgininiň onkologiki keselleriň käbir görnüşleriniň öňüni almak üçin netijeli serişdedigini aýtdy. Bu barada «lenta.ru» ýazýar.

Mýasnikow: «Kofe ýürek üçin, bagyr üçin peýdaly. Ol bagyryň ragynyň öňüni almak üçin resmi himiýa terapiýasy» diýdi. Doktoryň aýtmagyna görä, bu içgi osteoporozda (süňklerde kalsiýniň ýitmegi), bogun agyryda, prostatanyň ragynda we beýleki kesellerde kömek edýär.

Mundan başga-da, doktor şekerden boýun gaçyrmagy ýüregine düwenlere ony çalyşýan önümleri ulanmazlygy maslahat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: