YLYM WE TEHNIKA

«Xiaomi Mi TV 4A 40 Horizon Edition» kysymly täze telewizor görkezildi

Ol standart görnüşindäki işleri ýerine ýetirýär, ýöne onuň daş keşbi we programma üpjünçiligi gowulaşdyrylan, diýip «mail.ru» ýazýar.
Telewizorda 1920×1080 piksel aýdyňlaşdyryjysy bolan we 60 gers ýygylykda täzelenme geçirýän 40 dýumlyk ekran oturdylan. Bulardan başga-da, onuň çarçuwajygy örän inçe we DTS-HD sesli 20 watt kuwwatly stereodinamigi bar.
Ol «Xiaomi»-niň «PatchWall UI 3.0» interfeýsli «Android 9»-iň dolandyrmagynda işleýär. Içinde dört ýaderli çipset, 1 gigabaýt operatiw we 8 gigabaýt çatylan ýady bar.
«Xiaomi Mi TV 4A 40 Horizon Edition» üç sany HDMI porty, iki sany USB, AV çatylýan ýeri, S/PDIF, anten we 3,5 millimetr standart birikdirijili gulaklyklaryň çatylýan ýeri bilen üpjün edilen.
Bahasy — 330 dollar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply