Russiýaly ýyldyzlar näçe gazanýarlar? Olaryň sanawyny «Forbes» mälim etdi
Forbes» žurnaly Russiýada meşhur we iň köp hak tölenýän ýyldyzlaryň sanawyny düzdi, diýip «Аргументы и Факты» gazeti ýazýar.
Reýtingiň başyny UFC-niň eks-çempiony Habib Nurmagomedow başlady. Ol 2020-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2021-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli 12 million dollar gazanypdyr. Ikinji orny 7,4 million dollar gazanan reper Morgenştern (Alişer Morgenştern) eýeledi. Sanawyň üçünji setirinde 3,3 million girdejisi bolan aýdymçy Olga Buzowa goýuldy.
Ilkinji onlukda reper Timaty, «Ленинград» toparynyň lideri Sergeý Şnurow, hokkeýçi Aleksandr Oweçkin, telewideniýäniň alyp baryjysy Kseniýa Sobçak, rep ýerine ýetiriji Basta, futbolçy Artýom Dzýuba we aýdymçy Polina Gagarina bar.