Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Italiýanyň rok-topary «Ýewrowideniýede» iň ýokary baha aldy

May 24, 2021

«Ýewrowideniýe» halkara aýdym-saz bäsleşiginde «Zitti E Buoni» aýdymy bilen çykyş eden «Måneskin» italýan rok topary ýeňiji diýlip yglan edildi, diýip «mail.ru» ýazýar.
Tomaşaçylaryň sesiniň we emin agzalarynyň bahalarynyň jemi boýunça «Måneskin» 524 bal gazandy.
Ikinji orna 499 bal gazanan fransiýaly aýdymçy Barbara Prawi mynasyp boldy. Üçünji orny Gjon’s Tears tahallusy bilen çykyş eden Şweýsariýanyň wekili Jon Muharremaý eýeledi. Ol 432 bal gazandy.

Leave a Reply