• Wed. Sep 30th, 2020

Hytaýda «akylly» traktor öndürildi

Jul 16, 2020

Hytaýda öndürilen ilkinji elektrikli traktor ýakynda Henan welaýatynyň Luoýang şäherinde ýerleşýän Oba hojalyk tehnikalarynyň innowasiýasy we döredijilik milli instituty tarapyndan işe girizildi.
ET504-H diýlip atlandyrylýan täze traktor 5G tizlikli internetiň kömegi bilen öz-özüni dolandyrmaga ukyplydyr. Traktorda esasy hemişelik magnit, sinhron orta hereketlendiriji, garaşsyz elektrikli göteriji we rul ― hereketlendiriji işleýär. Onuň güýjüni elektrik togy bilen bir hatarda wodorodly ýangyç öýjügi üpjün edýär.
5G tehnologiýasynyň kömegi bilen traktoryň işleýiş ýagdaýyna we bellenen işi alyp barşyna gözegçilik edilýär.
Hytaýly alymlar bu tarktoryň oba hojalygyndaky «akylly» tehnologiýalaryň ilkinji tapgyrlarynyň biri boljakdygyna ynanýarlar.

Поделиться ссылкой: