DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Mercedes-Benz» täze ýolsuz ýerlerden ýöreýän ulagyny görkezdi

«Mercedes-Benz» kompaniýasy Mýunhen awtosalonynda «Gelandewageniň» «professional» seriýasynyň täze nesligini görkezdi. Ol standart modelinden ýolsuz ýerlerden ýöreýän maşynlar üçin aksessuarlaryň (hökmanylaryndan başga zatlaryň) giň toplumynyň bardygy bilen tapawutlanýar, diýip, motor.ru». ýazýar.

Standart enjam hökmünde maşynyň uzyn «dişli» şinalary, baş spisaly18 dýumlik tigir diski, dört sany suw pürküjisi we öňündäki çyralarynyň gorag demir gözenekleri bar. Üstüne töleseň, Magno» lineýkasyndan bal-narynç reňkli  kuzowlysy hem teklip edilýär.

«G-Class Professional Мерседес» üçin aksessuarlaryň sanawynda gara reňkli öňki we yzky bamperler, tigiriň üstündäki ýarym tegelekler, aýnalaryň korpuslary, radiatoryň gözeneginde firma «ýyldyzy», metal turbalardan edilen ätiýaçluk tigiri saklaýjy we depesindäki bagažnikdäki ýüklere aňsat el ýeter ýaly merdiwan teklip edilýär. «Gelandewageniň» professional görnüşi üçin «G manufaktur» maksatnamasynyň mümkin bolan ähli aksessuarlary we opsiýalary elýeter. 2022-nji ýylyň model ýylyndan «G-Classyň» ählisi üçin standart üpjünçiligi giňeldilen.

Indi kuzowyň yzky ýarym sferasyndaky tonirlenen aýna, yzky oturgyçdaky ýolagçylar üçin maglumat-dynç alyş ekrany we ulagy çekýän enjam hökmany bolmalylara girýär. «Gelandewagen» üçin opsiýalaryň sanawynda täze pozisiýalar hem peýda boldy. Olar salonyň içiniň öňki sekize derek 64 reňkde ýagtylandyrylmagydyr we kuzowyň 10 täze reňkidir. «G-Classyň daşynyň bezegi» üçin iki görnüş — «Exclusive Line» we «AMG Line», şonuň ýaly-da içki bezegi üçin üç görnüş — «Standard», «Exclusive» we «Superior» elýeter bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: