JEMGYÝET

Gowaçalara zyýan berijilere garşy biologiki usul bilen göreşilýär

Lebap welaýatynda gowaçalara zyýan berijilere garşy biologiki usul bilen göreşmäge uly orun berilýär. Munda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat boýunça ösümlikleri goramak gullugynyň garamagyndaky biokärhanalar ýakyndan kömek berýärler. Häzir sebitde şebýle kärhanalaryň 130-sy işleýär. Olarda ýetişdirilýän bioönümler gowaçalary dürli zyýankeşlerden goramakda işjeň peýdalanylýar. Welaýatyň biokärhanalarynda gabrobrakon, altyngözlüje, trihogramma  ýetişdirilýär. Ululygy ortaça 1,5 ― 4 millimetr bolan bu möjejikler meýdanda gowaça sowkasynyň gurçuklaryny tapyp, çakmak arkaly onuň içinde öz ýumurtgasyny goýýarlar. Netijede bolsa sowkanyň gurçugy ýok edilýär. Bioönümleri meýdana goýbermek işlerine aprel aýynyň üçünji ongünlüginden başlanýar we 1-nji awgusta çenli dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: