• Sun. Sep 27th, 2020

Dänewli okuwçy gyz çagalaryň arasyndaky aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Sep 7, 2020

Dänew etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Jennet Jumagulyýewa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Oňa bu bäsleşikde ýeňiji bolan beýleki körpeler bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan noutbuk sowgat edildi.
Bu üstünlik körpe zehiniň soňky ýyllarda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Mekdep mugallymy Diana Annanurowadan aýdym-saz sungatynyň inçeliklerini ele alan Jennet geçen ýyl okuwçy gyzjagazlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda birinji orny eýelemegi, jemleýji tapgyrynda bolsa üstünlikli çykyş etmegi başardy.
Şu ýylyň ilkinji gününde bolsa ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragy bilen sylaglandy.
Jennet Jumagulyýewa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde Şöhrat Maşaripowyň sözlerine, Rozmämmet Jumadurdyýewiň sazyna döredilen «Aýdymlar çemenini» ýerine ýetirdi.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: