SYÝASAT

Prezident saýlawlary üçin Türkmenistanda 2577, daşary ýurtlarda 41 saýlaw uçastogy döredildi

Türkmenistanyň 2577 saýlaw uçastogynyň hemmesi doly taýýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 41-si saýlawçylara garaşýar. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýaýradan maglumatynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, saýlaw möwsüminiň hemme tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylyga hem-de umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda öz wagtynda guraldy.

Häzirki wagtda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegi milli synçylardan başga-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan daşary ýurtly synçylar hem amala aşyrýar. 2-nji martda olar Aşgabat şäheriniň saýlaw uçastoklarynyň birnäçesine baryp görüp, saýlaw toparlarynyň işi, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, toparlaryň usulyýet we düşündiriş berýän edebiýatlar bilen üpjün edilişi, saýlawçylaryň sanawynyň alnyp barlyşy bilen tanyşdylar hem-de möhletinden öň ses bermegiň barşyna syn etdiler. Olaryň hemmesine paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň saýlaw uçastoklaryna saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle hem saýlaw gününde baryp görmäge mümkinçilik döredilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: