Polietilen hem polipropilen turbalaryň önümçiligi artýar

Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodynda şu ýylyň 9 aýynda dürli ululykdaky turbalaryň 280 tonnasy öndürildi. Bulardan başga-da zawod boýunça halk hojalygynda ulanylýan maýyşgak gurşawlaryň, azyk önümlerini salmaga niýetlenilen, bir gezek ulanylýan gapjagazlaryň, bulgurlaryň we beýleki polimer önümleriniň 6,5 tonna golaýy öndürildi.

Kärhanada diametri 16 millimetrden 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň 23 görnüşi öndürilýär. Olar gurluşykda, lagym, suw geçiriji ulgamlarda giňden ulanylýar. Öndürilen polietilen hem polipropilen turbalaryň uly tapgyry baglaşylan şertnama esasynda sarp edijilere ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector