YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak barada tabşyryk berdi

 Ministrler Kabinetiniň 9-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmalydygyny, hasaba alynýan şertnamalary seljermek hem-de olaryň taslamalaryny tassyklamak üçin elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmalydygyny belledi.

Birža söwdalaryny geçirmegiň netijesinde pagta ýüplügini hem-de matalary ýerlemekden gelýän girdejileriň möçberini artdyrmagyň, taýýar tikin önümleriniň önümçiligini giňeltmegiň geregiň gerekdigine ünsi çekdi. Şonuň ýaly-da, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramagy, buýurmalary resminamalaşdyrmak, bu önümleriň taýýarlanylyşyny hem-de ýerlenilişini sanlylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýanwar — awgust aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 199 sany birža söwdasy geçirilip, 24. 173 şertnama hasaba alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: