SPORT WE SYÝAHAT

Küşt boýunça baýry türgenleriň arasynda Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Lebap welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherinde küşt boýunça baýry türgenleriň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Ýaryşa etrapdyr şäherlerden sport ussatlarynyň, sport ussatlygyna dalaşgärleriň, birinji, ikinji derejeli türgenleriň 12-si gatnaşdy. Çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşiklere meşhur küştçi Güljahan Öwlüýägulyýewanyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary gözegçilik etdi. Netijede türkmenabatly küştçi Altybaý Ýangibaýew 9,5 utuk toplap, ýaryşyň ýeňijisi boldy. Farap etrabyndan gelen Oleg Kurdow we Türkmenabat şäheriniň wekili Narkuly Çöliýew dagy hem 8,5 utugy toplamagy başardylar. Ýöne şahsy bäsleşikdäki artykmaçlygy boýunça olaryň birinjisi ikinji orna, beýlekisi bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: