Baýramalyda suw arassalaýjy desga gyş möwsümine taýýar edildi

Baýramaly şäher agyz suw bölüminiň suw arassalaýjy desgasy gyş möwsümine irgözinden taýýarlanylypdyr. Bu desga şäherde we şäher eteginde ýaşaýan ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün edýär.

Suw arassalaýjy desganyň 5 sany howzy bolup, olar gyş möwsümine doly taýýar edilipdir. Geçirijilere barýan agyz suwy bellenilen mukdarda hlorlanylyp, ilata arassa görnüşde berilýär. Agyz suwunyň arassalygyna, hiline barlaghana bölüminiň hünärmenleri tarapyndan berk gözegçilik edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector