Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Serdar Berdimuhamedowy prezident wezipesine hödürledi
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi. Bu Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary dokuzynjy gurultaýynda boldy. Serdar Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Olar onuň kandidaturasyny goldadylar. Bu barada «orient.tm» ýazýar.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň kararyna laýyklykda, 14-nji fewralda ýurduň nobatdan daşary prezident saýlawlarynyň saýlaw kampaniýasynyň birinji tapgyry başlandy. Saýlawlary geçirmeklik 2022-nji ýylyň 12-nji martyna bellenildi.
Şu ýurtda dogulan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk islendik raýat Türkmenistanyň prezidenti bolup biler. Ol döwlet dilini bilýän, şonuň ýaly-da soňky 15 ýyl Watanynda ýaşaýan we işleýän bolmaly. Prezident 7 ýyl möhlet bilen saýlanylýar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda saýlawlaryň geçirilmeli güni bellenilen güne çeni bellige alnan syýasy partiýalaryň, şonuň ýaly-da raýatlaryň dalaşgärleri hödürlemäge hukuklary bar.