YKDYSADYÝET

Owlak-guzular ösdürime goýberildi

Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýyl alnan owlak guzularyň ählisini ösdürmäge goýberdiler. Owlak-guzy möwsümini üstünlikli tamamlan maldarlar göz öňünde tutulan 69 müň  83-e derek 69 müň 211 sany owlak-guzy almaklygy başardylar.

Şu  ýylyň  aprel  aýynyň 1-däki maglumatlara görä, welaýat boýunça  dowarlaryň  baş   sany    210 müň 744-e barabardyr. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine ykjam taýýarlykly gelnip, dowarlaryň dok gyşladylmagy, şeýle hem ýylyň ygally gelip, ýaýlalarda otuň ir ýetişip, bol bolmagy  ösdürimäge goýberilen owlak-guzularyň sagdyn kemala gelmeklerine ýardam edýär. 

Maldarlaryň gazanan üstünliklerinde Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Çärjew etrabyndaky «Serdar», Döwletli etrabyndaky «Tallymerjen», Köýtendag etrabyndaky «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklarynyň aýratyn goşantlarynyň bardygyny belläp geçmek möhümdir. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: