JEMGYÝET

Aşgabat şäherine halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de milli habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşandygy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýakynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşupdy. Çykyş edenler Türkmenistan bilen BMG-niň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. Bu ugurda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmeginiň aýratyn orny barada nygtaldy.

Şeýle hem, Türkmenistanda bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti we onuň çäklerinde şäherlerde we obalarda ýaşyl zolaklarynyň giňeldilmegi ugrunda bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi barada hem gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: