YKDYSADYÝET

Hytaýa tebigy gaz ibermekde Türkmenistan birinji orunda durýar

Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz ibermek boýunça birinji orunda durýar. 2022-nji ýylda Türkmenistan bu ýurda ABŞ-niň 10,25 milliard dollaryna barabar «mawy ýangyç» ugratdy. Bu öňki ýyldakysyndan 51 göterim köpdür. Bu barada HHR-niň Baş gümrük dolandyrmasyna salgylanmak bilen, «ORIENT news»ýazýar.

2022-nji ýylda Hytaýa 3,98 milliard dollarlyk gaz iberen Russiýa ikini orunda durýar. Şonda iberilen gazyň möçberi 2,63 esse artdy.

Olaryň yzyndan Mýanma, Gazagystan we Özbegistan barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: