YKDYSADYÝET

Lebapda işleýän kompaniýa Türkmenistanda «Lu Ban ussahanalaryny» döretmekçi

Öz işlerini Amyderýanyň sag kenaryndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde alyp barýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Türkmenistanda «Lu Ban ussahanalarynyň» döretmek teklibini öňe sürýär. Bu ussahananyň maksady halkara derejeli nebitgaz hünärmenleri taýýarlamak bilen baglydyr.

Ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara forumynda korporasiýanyň prezidenti Hou Siszýunyň aýdyşy ýaly: «CNPC türkmen tarapy bilen gaz işewürligini meýilleşdirmek, bioenergiýa, ulaglary elektrikleşdirmek, wodorod energetikasy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim edýär».

― Biziň düzümimiz Türkmenistanda ýerli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýär. Soňky 16 ýylyň dowamynda türkmen hünärmenleriniň 56 müňüsiniň okadylmagy, ýurduň raýatlarynyň 139-synyň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwyny dowam etdirmäge saýlanmagy-da munuň aýdyň beýanydyr.

Şundan ugur alyp, «CNPC-niň» nebitgaz pudagy üçin has köp hünärmeni taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanda «Lu Ban ussahanalarynyň» döredilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini hem nygtamak isleýärin — diýip, CNPC-niň prezidenti belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: