YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda pagta ýygýan kombaýnlar taýýarlyk hatarynda goýuldy

Lebap welaýatynyň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda şu ýylyň pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlar taýýarlyk hatarynda goýuldy.

Şu möwsümde pagta meýdanlaryna kombaýnlaryň 308-sini çykarmak göz öňünde tutulýar. Olaryň ählisi  birkemsiz abatlanyldy. Häzriki wagtda welaýatda ABŞ-nyň «John Deere» kysymly pagta ýygýan  kombaýnlaryň 218-si, şeýle-de Özbegistanda öndürilen «MX-1,8» kysymly kombaýnlaryň 90-sy bar. Olara erk etmek etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň tejribeli mehanizatorlaryna ynanylypdyr.

Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly otuz ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda lebaply pagtaçylar 130 müň gektar meýdanda ekilen gowaçadan Watan harmanyna 320 müň tonna «ak altyn» tabşyrmagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: