BIZE YAZYARLAR

Baýramçylyk konserti geçirildi

Aýdym-saz sungatynyň dünýä meşhur wekilleriniň iň naýbaşy eserleri Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Täze ýyl baýramyna bagyşlanyp geçirilen konserti bezedi. Konsert mekdebimiziň kirişli saz gurallary bölüminiň mugallymlary tarapyndan guraldy.

«Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl!» diýlip atlandyrylan konserte gatnaşyjylar A.Wiwaldi, I.S.Bah, P.I.Çaýkowskiý, Manuel de Falýe, G.Fore ýaly meşhur kompozitorlaryň naýbaşy eserlerini diňlediler. Men Gülnara Jumaniýazowa bilen bilelikde A.Wiwaldiniň a-moll konsertini bilelikde ýerine ýetirdim.

Şeýle-de, baýramçylyk konsertinde pes rigistirli tutuksy koloritli kontrabas saz guralynda mugallym Serdar Çaryýew Gabriel Foreniň «Oýanmalar», Merdan Çaryýew P.Çaýkowskiniň «Rus tansy» atly eserleri ýaňlandy.

Maňa bu konsertde Jon Uilýamsyň “Şindleriň sanawy” hem-de  M. de Falýeniň «Ispan tansy» eserlerini ýerine ýetirmek hem ynanyldy.

N.Halmämmedowyň «Şükür bagşy» kinofilminiň sazy, R.Nepesowyň «Fantaziýasy», F.Şopeniň «Wals» ýaly eserler baýramçylyk agşamyny has-da bezedi.

Konsert oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Jemal HUDAÝBERDIÝEWA,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kirişli saz gurallary bölüminiň skripka hünäriniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: