YKDYSADYÝET

Ösüş depgini 103,2 göterim ýokarlandy

Has takygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky bu ösüş depginini ýylyň başyndan bäri gaýtadan işlenilen nebit çig malynyň umumy möçberi 1 million 978 müň 359 tonna ýetirmek bilen gazanyldy.

Netijede toplumda öndürilen benziniň umumy möçberi 679 müň 132 tonna barabar boldy we iş meýilnamasyna 129,4 göterim hötde  gelindi. Kerosin öndürmegiň iş meýilnamasyna 117,4 göterim amal edilip, munuň özi onuň 182 müň 613 tonnasynyň öndürilendigini görkezýär. Dizel ýangyjyny öndürmekde 102,5 göterim ösüş gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: