YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda maldarçylyk önümleriniň öndürilişi artdyrylýar

Lebap welaýatynda maldarçylyk önümleriniň öndürilişi ýyl-ýyldan artdyrylýar. Munuň üçin döwlet tarapyndan maldarlara uly ýardam berilýär.

Olaryň birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň ýanwar ― iýun aýlarynda etiň (diri agramda) 68,1 müň tonnasy, süýdüň 302,2 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 116,8 million sanyny öndürilip, alyjylara ýetirildi. Welaýatda mallaryň hem-de guşlaryň baş sany-da artýar. Şu ýylyň 1-nji iýulyna görä, welaýat boýunça gara mallaryň 555,2 müň başy, dowarlaryň 2 million 917,8 müň başy, düýeleriň 5,9 müň başy, guşlaryň hem 4 million 237,1 müň başy hasaba alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: