2023-nji ýylda Lebap welaýaty boýunça unuň 130 müň tonnasy öndürildi we öňki ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 0,6 göterim artyş depgini üpjün edildi.
Bu işde Türkmenabadyň we Dostlugyň galla önümleri kärhanalarynyň işgärleri tutanýerlilik görkezýärler.
Geçen ýylda welaýat boýunça çörek we çörek önümleriniň hem 193,4 müň tonnasy öndürilip, öňki ýylyň görkezijisinden öňe geçildi. Ilaty unaşdyr ýarma bilen üpjün etmekde-de önjeýli işler bitirildi.
Şeýle tagallalar ilatyň möhüm azyk önümlerine bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.