YKDYSADYÝET

 «Saka» hojalyk jemgyýetinde galyndylary gaýtadan işleýän täze önümçiligi ýola goýdular

«Saka» hojalyk jemgyýetinde galyndylary gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen turbalary çykarmaklygy ýola goýdular.

Awtomatlaşdyrylan enjamlar oturdylan önümhananyň kuwwaty ýylda 350 tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde diametri 16 millimetrden başlap, 500 millimetre çenli bolan turbalar öndürilýär. Olar suw beriji we lagym ulgamlarynda ulanylýar. Şonuň ýaly-da, önümhanada damjalaryn suwaryş üçin hem turbalar öndürilýär. Bu oba hojalygynda suw gorlaryny tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Hojalyk jemgyýetinde çig mal hökmünde ilatyň tabşyrýan polietilen haltajyklary, polipropilen we polietilen turbalaryň kesindileri ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: