JEMGYÝET

Öňde baryjy ýüpekçiler we gallaçylar sylaglanyldy

Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen hoşallyk maslahatynyň dowamynda Watan harmanyna pile we galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý eden kärendeçilere, daýhan birleşikleriň başlyklaryna we etrap häkimlerine welaýat häkimligi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Pile taýýarlamakda Halaç, Çärjew, Dänew we Saýat etraplarynyň ýüpekçileriniň hem goşandy uly boldy. Olar ilkinjileriň hatarynda bu gymmatly çig maly taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri barada habar beripdiler.

Welaýatyň gallaçylary ýurtda ilkinji bolup bugdaý tabşyrmak boýunça hem şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Olar bu barada sebitde Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde habar berdiler. Şonda kabul ediş nokatlaryna 310 müň tonnadan geçirilip guşgursak bugdaý tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: