Türkmenabat Halkara howa menzili «TS-1 awiasiýa ýangyjy üçin halkara GOST 10227» standartyna laýyklyk şahadatnamasyny aldy
Türkmenabat Halkara howa menzili 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň ITS Caleb Brett Deniz A.Ş.Istanbul laboratoriyasyndan «TS-1 awiasiýa ýangyjy üçin halkara GOST 10227» standartyna laýyklyk şahadatnamasyny aldy, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Ýangyjyň bu görnüşi ekologiýa taýdan arassalygy, çökündisiniň azdygy, ýeňil ýanyjylygy, ulanylyşda has ýokary gyzgynlyga çydamlylygy we beýleki tehniki sypatlary bilen tapawutlanýar. TS-1 awiasiýa ýangyjy dürli kysymly hereketlendirijileri bolan uçarlar üçin örän amatly saýylýar. Bu Halkara howa menzili 2018-nji ýylyň fewralynda işe girizildi. Onuň halkara ölçeglerine laýyklykda gurlan uçuş zolagy uçarlaryň dürli görnüşleriniň päsgelçiliksiz we yzygiderli uçup-gonmaklary üçin hyzmat edýär. Desganyň Oguz han Türkmeniň ýyldyzynyň keşbinde görünýän ýolagçy terminaly bolsa Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hem girizildi.