Türkmenistanyň okuw jaýlarynda täze okuw ýylynyň birinji sagadynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen sapaklar geçiriler
1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli çäreler, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçiriler. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guralar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen ilkinji okuw sapaklary geçiriler.
Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatly sowgatlary — kompýuterleri gowşurmak dabarasy göz öňünde tutulýar.
Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrar.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.