DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hindistanly fermerler tötänleýin dünýäde iň gymmat mango ösdürip ýetişdiriler

Birnäçe ýyl mundan ozal hindistanly Sankalp Singh Parihar otluda barýarka ýanyndaky ýolagçydan 2500 rupiý berip (33 dollar töweregi), tötänleýin mangonyň nahalyny satyn alypdyr. Satan adam mangonyň aýratyn görnüşidigini, onuň miwesiniň Hindistanda bellilerinden tapawutlanýandygyny aýdyp, ony ynandyrypdyr, diýip «mail.ru»  habar berýär.

Görüp otursalar, satyjy aldaman eken. Parihar we onuň hyzmatdaşy nahalyň beýleki mango agaçlaryndan tapawutlanýandygyny görüpdirler. Žurnalistler bilen eden söhbetdeşliginde ol agajyň adyny bilmeýändigini, şonuň üçin hem ejesiniň hormatyna ony Damini diýip atlandyrandygyny gürrüň beripdir. Bu barada eşidenlerinden soň beýleki fermerler Parihara we onuň hyzmatdaşyna agajy 21 000 rupiýä satmagy teklip edipdirler. Ol şonda gymmat bahaly agaç ösdürip ýetişdirýändigine düşünipdir.Parihar otluda barýan nätanyşdan Ýaponiýanyň Miýadzaki prefekturasyndaky Kýusu adasynda ösdürilýän we gymmat bahadan satylýan mangonyň «Miýadzaki» diýlip atlandyrylýan sortuny satyn alan eken.Ýerli teleýaýlymda fermer barada gepleşik bereninden soň, ferma giripdirler we birnäçe gymmat bahaly agajy ogurlapdyrlar. Şondan soň fermerler fermada üç adamdan we dokuz itden durýan garawul goýupdyrlar. Olar galan mangolary goraýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: