JEMGYÝET

Baky oduň öňüne ter gül desseleri goýuldy

9-njy maý güni agşamlyk Türkmenabat şäheriniň Bitaraplyk seýilgähinde baky öňüne ter gülli sebetleri we gül desselerini goýdular.
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli guralan bu çarä welaýat we şäher häkimlikleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, welaýat merkeziniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Seýilgähde ýanyp duran baky ot, onuň ýanyndaky näbelli esgeriň heýkeli ata-babalarymyzyň edermenliginiň daşda edilen beýany. Heýkeltaraş oňa öz pikirini şowly geçirmegi başarypdyr. Şonuň üçin hem,onuň ýanynda gelýän we gahrymanlara hormat hökmünde baş egýän adamlaryň yzy ýylyň dowamynda üzülmeýär. Bu ýere her gün ter gül desselerini goýýarlar. Aýratyn hem, durmuş toýuny tutýan güni ýaş çatynjalaryň bu ýerde ter gül desselerini goýmagy, oňa başyny egip, tagzym etmegi asylly däpleriň birine öwrüldi. 9-njy maý güni bolsa onuň öňi sanlyja salymda ter güllerden doly sebetlerden, çemenlerden dolýar. Ol bu gezek hem şeýle boldy. Çärä gatnaşyjylar bir salym dymmak bilen esgerleriň ýagty ýadygärligine hormat goýdular.
Soňra uruş we tyl weteranlary, ýaşulular, gül goýuşlyga gatnaşan adamlar Bagt köşgündäki dabaralar zalynda ýygnandylar. Bu ýerde tarawa namazy okaldy, agzaçar sadakasy berildi we ötenler ýatlanylyp, aýat okaldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply