JEMGYÝET

«Omikron» «Lufthansa»-ny onlarça müň gatnawy ýatyrmaga mejbur etdi

«Lufthansa» nemes awia konserni «omikron» zerarly gyşda 33 müň gatnawy ýatyrar. Bu barada «Frankfurter Allgemeinen Zeitung» gazeti bilen eden söhbetdeşliginde kompaniýanyň baştutany Karsten Şpor gürrüň berdi, diýip, «Российская газета» ýazýar.

Şporuň aýtmagyna görä, güýz gowy başlanan hem bolsa, häzir konsern 2022-nji ýylyň ýanwarynyň ortasyndan fewral aýyna çenli bronlaryň sanynyň görnetin azalandygy görýär.

Gürrüň, ozaly bilen, konserniň Germaniýadaky, Şweýsariýadaky, Awstriýadaky we Belgiýadaky içerki gatnawlary barada barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: